Türkmenistan 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde ýerleşýän “Kohi Somon” hökümet rezidensiýasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.
Mejlisiň dowamynda türkmen wekili gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin Täjigistanyň Hökümetine hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine minnetdarlyk bildirdi.
Hojamyrat Geldimyradow GDA-nyň çäklerindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetini nygtap, özara hormat, goňşuçylyk gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýşyny belledi.
Şol gün Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygy hem geçirildi. Duşuşykda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde özara ynamy güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.