Türkmenistanda “Görkana” haryt nyşanly partalar, oturgyçlar, stollar öndürilip başlandy

BT
Türkmenistanda “Görkana” haryt nyşanly partalar, oturgyçlar, stollar öndürilip başlandy
“Görkana ak ýol” hususy kärhanasynyň “Görkana” haryt nyşany bilen öndürýän önümleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Görkana ak ýol” hususy kärhanasy ýakynda ýerli çig malyň hasabyna “Görkana” haryt nyşany bilen partalaryň, oturgyçlaryň, stollaryň önümçiligine başlady. Bu barada “Rysgal” gazetiniň geçen duşenbe günindäki sanynda habar berilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän hususy kärhanada ýaşlaryň onlarçasy zähmet çekip, onda önümçilik üçin Türkiýe Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylypdyr.

Häzirki wagtda kärhananyň kuwwatlylygy her aýda 20 müň oturgyç we 10 müň parta öndürmäge niýetlenendir.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana “Görkana” haryt nyşanly önümlerini öndürmek üçin çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan şertnamalar esasynda satyn alýar.

Şeýle hem bu önümleri içerki sarp edijilere ýetirmek, geljekde bolsa goňşy döwletlere eksport etmegi meýilleşdirýärler.

2022