Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
“Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşi Wladimir Putine hem-de Hökümetiň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.
Russiýa Federasiýasynyň milli baýramçylygy bolan Russiýa güni her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýär.