Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada “Watan habarlary” gepleşiginde penşenbe güni habar berildi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
“CNN News18” telekanalynyň habar bermegine görä, penşenbe güni Ahmedabad howa menziliniň golaýynda “Air India” awiakompaniýasyna degişli uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly azyndan 265 adam wepat boldy.