Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen wekiliýetiniň Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşmagy boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen, Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama gol çekdi.
Resminama laýyklykda, halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda Russiýada gulluk iş saparynda bolar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.