Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammiti üçin Astana bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammiti üçin Astana bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny, Astana, Gazagystan (Surat: gov.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystanyň Astana şäherine bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilin Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Bu çärä Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşarlar. Syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar. Mundan başga-da çäräniň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022