“Chimcomplex” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegä gyzyklanma bildirýär

BT
“Chimcomplex” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegä gyzyklanma bildirýär
Ilçi Annamämmet Annaýew bilen “Chimcomplex” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuzanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 18-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy)

Rumyniýanyň öňdebaryjy himiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Chimcomplex” kompaniýasy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynda çarşenbe güni ilçi Annamämmet Annaýew bilen “Chimcomplex” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuzanyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, rumyn tarapy Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi. Bu babatda tehnologiki geçirijilik, önümçilik hyzmatdaşlygy we uzak möhletli maýa goýum çemeleşmeleri aýratyn bellenildi.

Duşuşykda taraplar ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ikitaraplaýyn senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen durnukly hyzmatdaşlygy döretmekde birek-birege bolan gyzyklanmany tassykladylar.

Bu duşuşyk türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösýän dinamikasyny we esasy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda umumy islegi görkezýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022