Türkmenistan Eýrandan gelýän 4 müňe golaý daşary ýurtly raýatlaryň ynsanperwer geçelgeler arkaly howpsuz ýagdaýda üstaşyr geçmegini üpjün etdi. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Bu çäre Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň çylşyrymlaşmagyna jogap hökmünde amala aşyryldy. Öz raýatlarynyň yzyna getirilmegine ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana 52 döwlet ýüz tutdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, ähli ýüz tutmalar Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalar bilen utgaşyklylykda ýerine ýetirilýär. Türkmenistan halkara ynsanperwer tagallalaryna ygrarlydygyny we öz çäginden howpsuz üstaşyr geçmek üçin kepillik berýändigini tassyklady.
Şeýlelikde, Türkmenistan oňyn bitaraplyk syýasatyna laýyklykda sebitdäki ynsanperwer başlangyçlara işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





