Raşid Meredow ABŞ-nyň döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BT
Raşid Meredow ABŞ-nyň döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Waşington şäherindäki Döwlet departamentine geleninde işgärler ony mübärekläp garşy alýarlar, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwary (Surat: me.usembassy.gov).

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar hem-de ýakyn wagtda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda sebitleýin we halkara meseleler, şol sanda Ýakyn Gündogardaky soňky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasy we dawalaryň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ygrarlydygyny tassyklady we özüniň bitaraplyk derejesiniň giň halkara goldaw tapýandygyny belläp geçdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022