Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda ministrler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda 2022-nji ýylyň 15–16-njy awgustynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyna Zambiýanyň işjeň gatnaşandygy aýratyn bellenildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





