“Ynamly ojak” hususy kärhanasy ýylda alkogolsyz içgiler üçin niýetlenen dürli görnüşli gapaklaryň 2 milliondan gowragyny, gök-bakja we dürli görnüşli gaýtadan işleýän önümçilikler üçin niýetlenen dürli ölçegdäki çüýşeleriň bolsa 40 milliondan gowragyny öndürýär. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetide habar berilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ynamly ojak” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşip, kärhanada çüýşeleriň hem-de gaplama üçin niýetlenen metal gapaklaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar.
Kärhanada gapaklar we çüýşeler dürli ölçeglerde taýýarlanylyp, önümçilik buýurmalar hem-de sargytlar esasynda alnyp barylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçiliginde ulanylýan çig malyň uly bölegi Türkmenistanda öndürilýär. Munuň özi, birinjiden, önümleriň ekologik talaplara doly laýyk gelmegini şertlendirse, ikinjiden, olaryň raýatlara elýeterli nyrhlardan hödürlenilmegine ýardam edýär.
Şeýle hem kärhana ulanyşdan boşan aýna çüýşe gaplary yzyna alýar we gaýtadan işleýär.