Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow häzirki wagtda Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammitiniň çäklerinde guralan medeni maksatnama gatnaşdy. Bu barada Azerbaýjan Prezidentiniň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.
Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Demirgazyk Kipr türk Respublikasynyň Ersin Tatar bilen bilelikde Agdam şäherindäki “Imarat” arhitektura-muzeý toplumyna baryp gördi.
Myhmanlara Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugynyň atly bölümi tarapyndan taýýarlanan “Ýeňiş” atly tomaşa hödürlenildi. Şu ýerde garabag tohumly atlar bilen görkezilen çykyş medeni maksatnamanyň iň täsirli pursatlarynyň biri öwrüldi. Ussat çapyksuwarlar ýokary derejeli at çapmak başarnyklaryny görkezdiler.

Garabag atlary ýurduň daglyk sebit bilen bir atlandyrylyp, olar dünýäde iň gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanýar. Olar öz nepisligi, çydamlylygy bilen tanalýar we Azerbaýjanyň milli nyşany hem-de medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar.
Mundan ozal, 3-nji iýulda Prezident Ilham Aliýew YHG sammitiniň çäklerinde Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Taraplar azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ýagny, energetika, ulag we ynsanperwer ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


