Türkmenistan we Nigeriýa diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar

BT
Türkmenistan we Nigeriýa diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudu bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 4-nji iýuly (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň Býujet we ykdysady meýilleşdiriş ministri Abubakar Atiku Bagudu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Nigeriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny giňişleýin seljerip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri nigeriýa tarapyna Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak teklibini beýan edýän we ýany bilen degişli ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasy bolan diplomatik notany gowşurdy.

Notanyň goşundysynda Türkmenistan bilen Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň arasynda syýasy we ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek islegini beýan edýän ikitaraplaýyn Ylalaşyk taslamasy hem bardy.

2022