2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň orunbasary, daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Kaýa Kallas Eýrandan Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň öz ýurtlaryna dolanmagyna mümkinçilik döreden ynsanperwer koridorynyň guralmagyna goşan goşandy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen ÝB-niň Ýokary wekiliň arasynda geçirilen duşuşygyň oňyn netijeleri aýratyn bellenildi.
Diplomatlar 2025-nji ýylyň aprel aýynda Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň ilkinji sammitiniň ähmiýetini hem aýratyn nygtadylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle hem taraplaryň özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara ugurlaryny öz içine alýan giň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





