"Gurban" hojalyk jemgyýeti günde 123 müňden gowrak ýumurtga alýar

BT
"Gurban" hojalyk jemgyýeti günde 123 müňden gowrak ýumurtga alýar
Guşçulyk toplumy, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: Aýdo Şekerow)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gurban” hojalyk jemgyýetinde günde 123 müňden gowrak ýumurtga alynýar, olaryň bir bölegi içerki bazarda ýerlenilýär, galany daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Kärhananyň häzirki zaman guşçulyk toplumy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde ýumurtga ugrukdyrylan towuklaryň 213 müňüsi saklanylýar. Öndürilýän önümiň ýokary hil derejesi we iri ölçegi häzirki zaman iýmit binýady we guşlara edilýän  ideg arkaly üpjün edilýär.

Kärhananyň beýleki möhüm ugurlarynyň biri hem — ýyladyşhanada pomidor ösdürip ýetişdirmekdir. Kärhana Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde 20 gektar ýer bölegi uzak möhletleýin esasda bölünip berlip, onuň 5 gektara golaýyny häzirki zaman ýyladyşhana toplumy eýeleýär. Bu ýerde Türkiýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan awtomatlaşdyrylan enjamlaryň ornaşdyrylmagy ýylboýy durnukly we ýokary hilli hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Ekologik taýdan arassa, ter we tagamly ýyladyşhana pomidorlary içerki bazara hem-de daşarky bazarlara ýerlenilýär. Her ýyl daşary ýurtlara ýüzlerçe tonna pomidor eksport edilýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň işgärleri täze möwsüm üçin taýýarlyk işlerini alyp barýarlar — ýyladyşhanalarda şitil ýetişdirilýär, ekiş işleri we toplumlaýyn agrotehniki çäreler geçirilýär.

2022