Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Mary we Lebap welaýatlarynyň, şeýle-de ýurduň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi. Begençmyrat Orazow Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä Döwranberdi Annaberdiýew bellenildi.
Paýtagtyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň düzümine hem üýtgeşmeler girizildi. Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine etrabyň häkiminiň orunbasary Ysmaýyl Döwliýew bellenilip, şol etrabyň häkimi Röwşen Işanow wezipesinden boşadyldy.
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Etrek etrabynyň häkimi Didar Meredow bellenildi.
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi Şatgeldi Nurbaýew hem şol bir sebäplere görä wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä häkimiň orunbasary Şyhmyrat Annaýew bellenildi. Şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimi Serdar Meredow başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, birnäçe ýolbaşçylaryň we welaýat häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





