Türkmenistanyň Prezidenti fransiýaly kärdeşini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti fransiýaly kärdeşini Bastiliýanyň eýelenen güni bilen gutlady
Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli Eliseý meýdançasynda geçirilen dabaraly çäreden pursat, 2019-njy ýylyň 15-nji iýuly, Pariž, Fransiýa (Surat: reuters.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona ýurduň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlag hatynda soňky ýyllarda türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berilendigini belläp, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Emmanuel Makrona berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Bu gutlag haty iki döwletiň özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda diplomatik we ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini alamatlandyrýar.

2022