Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bagbançylygy üstünlikli ösdürip, daşary ýurtlara miwe eksportyny artdyrýar. Bu barada TSTB-niň metbugat gullugy habar berýär.
2025-nji ýylyň dowamynda kärhana 110 gektar meýdandan 80 tonna alma, 115 gektardan bolsa 100 tonna şetdaly ýygnady. Ekologiýa taýdan arassa we tagamly miweler içerki bazarda müşderileriň ösen isleginden peýdalanýar we daşary ýurtlara tapgyrlaýyn eksport hem edilýär.
“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine döwlet tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 3325 gektar ýer bölegi uzak möhletleýin esasda peýdalanmak üçin berildi. Bu ýerde alma, şetdaly, hurma, ülje, garaly hem-de armyt ýaly miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Ýokary hilli we durnukly hasyl almak üçin häzirki zaman agrotehniki usullar, damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly suwarmak enjamlary ornaşdyrylypdyr.
Häzirki wagtda hasyl ýygnamak möwsümi dowam edýär. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärler topary öňde goýlan möhüm wezipä üstünlikli hötde geljekdiklerine ynanýarlar hem-de eksport möçberleriniň ep-esli artdyrylmagyny meýilleşdirýärler.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


