BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Halkara söwda merkezi (HSM) bilelikde iş duşuşygyny geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna (BSG) goşulmagy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada anna güni BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere hem garadylar.
Taraplar şeýle hem 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek LLDC3 maslahatynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ösüşiniň aýratynlyklaryna degişli meseleleri we ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm merkez boljakdygy bellenildi.
Türkmenistan ykdysady we durnukly ösüş maksatlaryny pugtalandyrmak ugrunda halkara guramalar, şol sanda Halkara söwda merkezi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


