Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BT
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda «Taşkent» seýilgähiniň açylyşynda, 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabry, Türkmenistan. (Surat: Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we strategik gatnaşyklaryň berkidirilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine pugta ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Şawkat Mironomowiç Mirziýoýew — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup, 1957-nji ýylyň 24-nji iýulynda Jizak welaýatynyň Zaramin etrabynda lukman maşgalasynda dünýä inýär.

2022