“Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap oba gurulýar

BT
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap oba gurulýar
Täze zaman ýaşaýyş toplumynda gurlan jaýlaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly açylyş çäresi, 2018-nji ýyl.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde inženerçilik, önümçilik-tehniki talaplara laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş-önümçilik toplumy gurulýar. Täze oba ýaşaýjylara amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, durmuş hyzmatlarynyň doly toplumyny öz içine alar. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynda Galkynyş we Rowaç atly täze obalar gurlup ulanylmaga berildi. Rowaç obasynyň gurluşygy 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy esasynda amala aşyryldy. “Paraw” daýhan birleşiginiň kärendeçi Agadurdy Goşaýew dört giň otagdan hem-de ähli amatlyklardan ybarat täze jaýyň maşgalasynyň ýaşaýyş şertlerini ep-esli derejede gowulandyrandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda ýaşaýyş jaý gurluşygyna aýratyn üns berilýär.

Bu maksatnamanyň çäginde ähli welaýatlarda tapgyrlaýyn esasda gurluşyk işleri alnyp barylyp, köpgatly ýaşaýyş jaýlary, ýokary amatlyklara eýe bolan döwrebap jaýlar, kottej görnüşli ýaşaýyş toplumlary gurulýar.

2022