Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
TASS agentliginiň habar bermegine görä,, “Angara” awiakompaniýasynyň AN-24 kysymly ýolagçy uçarynda takmynan 40 ýolagçy we 6 uçuş işgäriniň bolandygy habar berilýär. Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatyna görä, uçarda bar bolan ýolagçylaryň we işgärleriň ählisi heläk bolupdyr.
Pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly Russiýanyň Amur oblastynda sebit derejesinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilip, üç günlük matam yglan edildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


