Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylarynyň köp bölegine, oba hojalyk toplumy we welaýat häkimlerinden başgalaryna 1-nji awgustdan zähmet rugsadynyň başlanjakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanyny zähmet rugsady döwründe Hökümet ýolbaşçylarynyň sagaldyş merkezlerinde, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, saglyk ýagdaýlaryny gowulandyrmak mümkinçiligine eýe boljakdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle-de, ýakynda geçiriljek halkara çäreler göz öňünde tutulyp, käbir ýolbaşçylar zähmet rugsady döwründe bu çäreleriň taýýarlygynyň we guralmagynyň çäklerinde işlerini dowam ederler.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyp, degişli çözgütler kabul edildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


