Palestina Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ynsanperwer kömek üçin minnetdarlyk bildirdi

BT
Palestina Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ynsanperwer kömek üçin minnetdarlyk bildirdi
Mähri Bäşimowanyň Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 19-njy awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ilçi özüniň hem-de ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan Palestinanyň halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar hem-de ähli ugurlarda dialogyň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellediler.

Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne resmi taýdan ýola goýuldy.

2022