Türkmenistan “Etihad Rail” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

BT
Türkmenistan “Etihad Rail” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Mämmethan Çakyýewiň BAE-niň “Etihad Rail” kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 18-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 18-nji awgustynda Aşgabatda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew Birleşen Arap Emirlikleriniň “Etihad Rail” kompaniýasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda taraplar ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow we BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli gatnaşdy.
“Etihad Rail” — BAE-niň ähli ýedi emirligini birleşdirýän, döwrebap, durnukly we ýokary netijeli ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen milli demir ýol taslamasydyr. Taslama halkara ugurlary hem öz içine alýandyr.

2025-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen BAE-niň “Etihad Rail” milli demir ýol operatory ulag we logistika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşypdylar.

2022