Ýanwar–iýun: Azerbaýjan Türkmenistandan 187 mln kub metr gaz import etdi

BT
Ýanwar–iýun: Azerbaýjan Türkmenistandan 187 mln kub metr gaz import etdi
Tebigy gazyň turbageçiriji arkaly iberilmegi (Surat: BP)

2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Azerbaýjan Respublikasy Türkmenistandan 187 million kub metr tebigy gaz import etdi.

Satyn alnan gazyň jemi bahasy $28 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada “Trend” agentligi Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, duşenbe güni habar berdi.

Ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjan jemi halkara bazarlardan 208,2 million kub metr gaz satyn aldy. Onuň bahasy $32 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2025-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $140,2 million ABŞ dollaryna ýetdi.

2022