Türkmenistan ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda gümrük edaralaryny sanlylaşdyrmagy ösdürýär

BT
Türkmenistan ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda gümrük edaralaryny sanlylaşdyrmagy ösdürýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkuliýew bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebekka Grimpsonyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty, Awaza, Türkmenistan (Surat: customs.gov.tm)

Türkmenistan söwda we gümrük ulgamyny sanlaşdyrýar hem-de gümrük işini kämilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-nyň Söwda we ösüş maslahaty (ÝUNKTAD) bilen hyzmatdaşlykda gümrük edaralarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýar we milli hünärmenleri taýýarlamak işlerini alyp barýar. Bu barada “Trend” habarlar agentligi ÝUNKTAD-a salgylanyp, penşenbe güni habar berdi.

BMG-nyň Söwda we ösüş maslahaty Türkmenistanyň gümrük we serhet gulluklary bilen hyzmatdaşlykda töwekgelçilik gözegçilik ulgamyny ornaşdyrýar, resminamalary elektron görnüşe geçirýär we kagyzsyz dolandyryş ulgamy ýola goýýar. Mundan başga-da, gulluk işiniň kadalary we düzgünleri işlenip taýýarlanylýar.

Maksatnama edaraara hyzmatdaşlygy berkitmäge, kanunçylyk binýadyny halkara ülňülere laýyk getirmäge hem-de söwda amallarynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurda esasy gural hökmünde ASYCUDA gümrük resmileşdiriliş ulgamy ulanylýar.

2025-nji ýylyň awgust aýynda gümrük edaralary sanlaşdyrmagyň üçünji tapgyry başlady we onuň çäklerinde ASYCUDA ulgamyny ornaşdyrmak hem-de milli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär. Munuň özi ýerli işgärlere ulgamy özbaşdak dolandyrmaga, ony döwrebap talaplara laýyklykda ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder. Şeýlelik bilen, gümrük amallary çaltlaşar, çykdajylary azalar we söwda amalllarynyň amala aşyrylyşy ýeňilleşdiriler.

Bu maksatnama Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyna taýýarlyk işleriniň möhüm bölegi hökmünde hasaplanýar.

ASYCUDA — BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) gümrük programmasy bolup, harytlaryň gümrük resmileşdirilişi we söwda amallaryny awtomatlaşdyrmaga kömek edýär. Ol deklarasiýalary tabşyrmagy, tranziti gözegçilikde saklamagy we hasaplary ýöretmegi ýönekeýleşdirýär, şeýle hem ykdysady statistika üçin maglumatlary toplamak mümkinçiligini berýär.

2022