Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ýekşenbe güni Arkadag şäherine sapar edip, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmaga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherininiň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri aýdyp, degişli düzedişleri girizdi, durmuş, önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmegini hem-de täze desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny, binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini ýurduň tebigy aýratynlyklaryna we howa şertlerine laýyk bolmagynyň möhümdigini nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, dürli maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Arkadag şäheri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Birinji tapgyrda 336 döwrebap binanyň gurluşygy tamamlandy. Ikinji tapgyrda bolsa 180-den gowrak ýaşaýyş jaýlaryň, durmuş we önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


