Halkara Gaz Bileleşiginiň Prezidenti “OGT 2025” forumyna gatnaşar

BT
Halkara Gaz Bileleşiginiň Prezidenti “OGT 2025” forumyna gatnaşar
29-njy halkara “Türkmenistanyň nebiti we gazy” konferensiýasy (OGT - 2024), 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Halkara Gaz Bileleşiginiň (IGU) prezidenti Andrea Steger, 2025-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “OGT 2025” halkara energetika forumyna myhman hökmünde gatnaşjakdygyny we forumda çykyş etjekdigini tassyklady.

Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, Andreа Stegeriň foruma gatnaşmagy pes uglerodly energetikany ösdürmekde tebigy gazyň ähmiýeti boýunça alnyp barylýan halkara dialoglara goldaw bermäge gönükdirilendir.

Şu günki güne çenli 40 döwletden 300-den gowrak wekil bu halkara foruma gatnaşjakdyklaryny resmi taýdan tassykladylar. Olaryň arasynda milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, tehnologiýa ulgamynyň liderleri hem-de maliýe institutlarynyň wekilleri bar. 

“OGT 2025” forumynyň gün tertibi energetika howpsuzlygy, gazyň monetizirlemegi, infrastruktura baglanyşygy, dekarbonizasiýa, amallaryň sanlylaşdyrylmagy, taslamalaryň maliýeleşdirilmegi, ýerli önümçilik we hünärmenleriň taýýarlygy ýaly meseleleri öz içine alar.

Dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça 4-nji ýerde durýan Türkmenistan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar hem-de has arassa we akylly energetika ulgamlaryna maýa goýumlaryny gönükdirýär. Aşgabatda şanly senä bagyşlanyp geçirilýän OGT çäresi ygtybarly gaz üpjünçiligiň we uglewodorod zyňyndylaryny azaltmagyň has hem möhüm döwründe ýurduň mazmunly we geljege gönükdirilen gepleşiklere ygrarlylygyny nygtaýar.

2022