Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) binasy, Tokio şäheri, Ýaponiýa (Surat: REUTERS/Toru Hanai)

Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi, diýip Türkmensitanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda taraplar JBIC bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy belläp geçdiler, bu hyzmatdaşlygyň çäginde gazhimiýa pudagynda birnäçe uly taslamalar amala aşyryldy. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda ýapon tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Kadzuhiko Amakawa Türkmenistanda ykdysady ösüş maksatnamalarynyň, senagat pudagyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde işewürlik üçin oňaýly şertleriň döredilýändigini aýdyp, wekilçilik edýän bankynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmensitanyň JBIC bilen üstünlikli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny dowam etjekdigine ynam bildirdi we ýapon myhmanyna işlerinde üstünlik arzuw etdi.

JBIC Türkmensitanyň iri senagat taslamalaryny goldamakda birnäçe ýylyň dowamynda esasy hyzmatdaşlardan biri bolup durýar. Bankyň goldaw bermegi bilen, ýurdumyzda gazhimiýa pudagynda giň gerimli taslamalar amala aşyryldy.

2022