Aşgabat şäherine Hytaýyň “Yutong” kysymly 700 sany ýolagçy awtobusy getirildi. Uzynlygy 12 metre barabar bolan bu döwrebap awtobuslar ýakyn günlerde şäheriň ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlar.
Bu awtoulaglaryň hereketlendirijileri “Ýewro-5” ekologiýa ülňülerine laýyk gelýär, ýolagçylar üçin tölegler bolsa sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde ýekşenbe güni habar berildi.
Awtobuslaryň her biri sürüjiniň işini we ulagyň hereketini gözegçilikde saklaýan intellektual dolandyryş wideogözegçilik ulgamy, ulagyň haýsy duralga ýetip gelýändigi barada habar beriş ulgamy, howa sowadyjylary, GPS hem-de ýolagçylaryň münüp düşmegini yzarlaýan tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, awtobuslarda mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin amatly şertler hem gözöňünde tutulandyr.
“Yutong” kompaniýasy dünýäniň öňdebaryjy awtobus öndürijileriniň biri bolup, ekologiýa taýdan arassa elektrik, wodorod we gibrid görnüşleriň işlenip düzulmegine ýöriteleşdirlendir.










30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


