Astanada Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny garşylamaga taýýarlyk görülýär

BT
Astanada Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny garşylamaga taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň we Gazagystanyň baýdaklary (Surat: TDH)

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew her ýyl geçirilýän parlamentiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde çykyş edip, Astanada Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyga taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bu barada duşenbe güni “Kazinform” habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti öz çykyşynda şeýle hem Azerbaýjan we Ermenistanyň liderleri bilen duşuşyklaryň meýilleşdirilýändigini belläp geçdi.  Ýylyň ahyrynda bolsa Tokaýew Russiýa we Özbegistana resmi saparlary amala aşyrmagy, şeýle-de Aziýanyň we Ýewropanyň birnäçe döwletleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goyuldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýyllar geçdigiçe giňelip, ykdysadyýetden başlap medeniýet, ylym-bilim hem-de beýleki möhüm ugurlary öz içine alýan giňişleýin strategik hyzmatdaşlyga öwrüldi.

Iki ýurduň gatnaşyklaryny berkidýän hukuk esasyny 59 resminama düzýär. Olaryň arasynda 1997-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çekilen “Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama” hem-de 2017-nji ýylyň 18-nji aprelindäki “Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk” aýratyn ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar edip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji gatnaşdy.

2022