Türkmenistan Ysraýyl döwletiniň Kataryň paýtagty Dohanyň ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy. Bu hereketler Katar döwletiniň özygtyýarlylygyna kast etmek we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garalýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň penşenbe güni ýaýradan resmi beýanatynda mälim edilýär.
Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýji ulanmak bilen haýbat atmagy kabul ederliksiz hasaplaýar.
Aşgabat şeýle hereketleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ýörelgelerine garşy gelýändigini belleýär.
Ysraýyl 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Kataryň paýtagty Dohada birnäçe zarba urdy.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





