Türkmenistan Ysraýylyň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar

Türkmenistan Ysraýylyň  Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan Ysraýyl döwletiniň Kataryň paýtagty Dohanyň ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgardy. Bu hereketler Katar döwletiniň özygtyýarlylygyna kast etmek we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garalýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň penşenbe güni ýaýradan resmi beýanatynda mälim edilýär.

Resmi beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýji ulanmak bilen haýbat atmagy kabul ederliksiz hasaplaýar.

Aşgabat şeýle hereketleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine we ýörelgelerine garşy gelýändigini belleýär.

Ysraýyl 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Kataryň paýtagty Dohada birnäçe zarba urdy.

2022