Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari duşenbe güni Aşgabatda “Baker Hughes/Nuovo Pignone” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we Baş direktory Lorenzo Simonelli bilen duşuşdy. Duşuşykda Italiýa bilen Türkmenistanyň strategiki ähmiýetli energetika pudagynda söwda hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
1842-nji ýylda döredilen “Nuovo Pignone” kompaniýasy energetika pudagy üçin turbomaşynlary we kompressorlary öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanýar. Kompaniýa 1994-nji ýylda “General Electric” tarapyndan satyn alynmagynyň netijesinde “Baker Hughes” toparynyň bir bölegine öwrüldi, 2017-nji ýylda bolsa onuň kuwwatlyklary dolulygyna “Baker Hughes” kompaniýasynyň düzümine goşuldy.
“Baker Hughes” energetika we senagat pudaklarynda dünýäniň dürli ýurtlarynda öz hyzmatlaryny hödürleýän tehnologiýa kompaniýasydyr. Häzirki wagtda kompaniýanyň bu pudaklarda hödürleýän enjamlary we hyzmatlary ýöriteleşen iki bölüm boýunça alnyp barylýar.
“Baker Hughes” kompaniýasy uglerod zyňyndylarynyň möçberini azaltmakda netijeli çözgütleri iş ýüzünde ulanyp, arassa energetika ugruna geçmekdäki meseleleriň oňyn çözülmeginde iş alyp barýar. Bu aýratynlyklar kompaniýanyň müşderileriniň öz maksatlaryna ýetmegine ýardam edýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


