“Mitsubishi” we “Gap Inşaat” Balkan welaýatynda täze karbamid toplumyny gurar

BT
“Mitsubishi” we “Gap Inşaat” Balkan welaýatynda täze karbamid toplumyny gurar
“Garabogazkarbamid” zawody, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Ýaponiýanyň “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat Ýatyrym we Diş Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täze zawod ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürer. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýul aýynda başlamak we toplumy 2030-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid we 660 müň tonna sintetik ammiak öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” zawody ulanylmaga berildi. Onuň önümçiliginde çig mal hökmünde esasan tebigy gaz ulanylýar.

2022