Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gutlag hatlaryny iberen döwlet Baştutanlarynyň hatarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bar.
Gutlag hatlarynda döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde şahsy goşandyny belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk, we işinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem Türkmenistantyň Prezidentine doglan güni mynasybetli Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani gutlag hatyny ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä indi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


