Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Makul täjirçilik” hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa çaý önümlerini gaplaýan we gaýtadan işleýän täze önümçilik kärhanasyny işe girizdi. Bu barada “Rysgal” gazetiniň geçen duşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhana Hytaýyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçiligiň çig maly — ajaýyp ysy we baý tagamy bilen tapawutlanýan täze baldaklardan ýygnalan, ýörite şertlerde işlenýän ýokary hilli iri ýaprakly hytaý ýaşyl we gara çaý ýapraklarydyr. Bu ýerde çaý ýapraklary aýratyn işlenip, arassalanýar we hil taýdan saýlanyp taýýarlanylýar.
Önümler “Lezzetli” we “Garagum” haryt nyşanlary bilen taýýarlanyp, dürli görnüşli gaplarda sarp edijilere ýetirilýär. Kärhanada çaýlary gaplama işleri hem alnyp barylýar.
Täze önümçilik içerki bazary ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, geljekde eksport etmegi hem meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Guwanç Akiniýazow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Akgoňur” daýhan birleşiginde “SeDi” haryt nyşanly tagam beriji iýmit goşundylarynyň önümçiligini ýola goýdy.








30437-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


