Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmegi teklip etdi. Bu barada BMG-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
BMG-niň degişli düzümleriniň goldawynda hereket etjek şeýle merkeziň döredilmegi sebitleýin mümkinçilikleri utgaşdyrmaga we daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem bu merkez Durnukly ösüş maksatlaryna, hususan-da, onuň 13-nji maksadyna (howanyň üýtgemegine garşy göreş) hem-de 15-nji maksadyna (gury ýeriň ekoulgamlaryny goramak) ýetmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baş Assambleýanyň mejlisinde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi hem teklip etdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


