Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy ösdürmegiň, halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň meýdançasyny parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek mowzugyny öňe sürmek üçin işjeň ulanmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” halkara forumyny, şeýle-de parahatçylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak medeniýeti boýunça Ählumumy sammiti geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parahatçylygyň we özara hormat goýmagyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy hem-de parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


