Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 24 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi.
Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawy çarşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edildi. Bäsleşikli söwda 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça sanly ulgam hem-de onuň mobil goşundysy arkaly geçiriler.
Satlyga çykarylýan iri desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, eýeleýän meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, Lebap welaýatyndaky iki gatly bina hem-de Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 in.m) bar.
Bäsleşikli söwda şeýle hem hyzmat ediş desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara binalary we önümçilik kärhanalary hödürleniler.
Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňünde tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.
Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi barada maslahatlar we hususylaşdyrylýan desgalar barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we bu ministrligiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


