Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu möhüm sene türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny, tutanýerliligini, ajaýyp üstünliklerini alamatlandyrýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda, Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda şeýle üstünlikleriň gazanylmagy dowam edýär.
Pakistan Türkmenistan bilen köpasyrlyk medeni ýörelgelere esaslanýan taryhy we doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň dürli ugurlar boýunça giňeldilmegi bilen, maýa goýum, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy hem-de sebitleýin gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynanýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň oňyn depginini has-da ösdürmek maksady bilen, ýene-de bir gezek Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Pakistana gelip görmäge çagyrýaryn.
Size berk jan saglyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammad Şahbaz Şarif,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri.
Çeşme: TDH








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


