Mary–Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgуra çykdy

THP
Mary–Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgуra çykdy
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen bölegi (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň strategiki taýdan möhüm bolan Mary-Türkmenabat böleginiň gurluşygynyň ahyrky tapgyryna çykandygyny belledi. Bu barada döwlet Baştutany Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda, täze senagat desgasynyň düýbüni tutmak dabarasynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bu taslamanyň üstünlikli we çalt tamamlanmagy milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek we ýurduň tranzit mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin esasy ähmiýete eýedir.

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly, umumy uzynlygy 600 kilometr bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugurlaryny häzirki zaman görnüşinde dikeltmek maksady bilen durmuşa geçirilýän iň uly infrastruktura taslamasydyr.

Taslama üç tapgyra bölünen bolup, olaryň ikisi eýýäm ulanyşa tabşyryldy: Aşgabat-Tejen (203 km) – 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda, Tejen-Mary (109 km) – 2024-nji ýylyň aprel aýynda, Mary-Türkmenabat (288 km) – häzirki wagtda gurluşygyň soňky tapgyrynda.

Iň uzyn bolan Mary-Türkmenabat böleginiň ulanyşa tabşyrylmagy paýtagt bilen ýurduň gündogar sebitiniň arasynda bökdençsiz we ýokary tizlikli gatnaşygy üpjün eder, şeýle hem tranzit ýük akymlaryna Özbegistana we ondan soňra yklym ugurlaryň giň şahasyna çalt çykmaga mümkinçilik berer. Awtomobil ýoly alty sany hereket zolagyna eýe bolup, ýol hereketini dolandyrmak we ýol hyzmaty boýunça öňdebaryjy ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşine ileri tutulýan ähmiýet berýändigini aýratyn belledi. Bu nukdaýnazardan, ol Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze döwrebap binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýändigini hem agzady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek we häzirki zaman senagat hem-de durmuş-medeni desgalary döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady, bu bolsa ýurduň we ilatyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen yzygiderli ugrunyň subutnamasydyr.

Çeşme: THP

2022