BOTAŞ türkmen gazynyň Türkiýä uzakmöhletleýin iberilmegine gyzyklanma bildirýär

BT
BOTAŞ türkmen gazynyň Türkiýä uzakmöhletleýin iberilmegine gyzyklanma bildirýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty, 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkiýe türkmen gazyny uzakmöhletleýin we uly möçberde import etmäge taýýar. Bu barada Türkiýäniň döwlet nebit gaz kompaniýasy BOTAŞ-yň baş direktory Abduwahit Fidan çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” halkara maslahatynda (OGT-2025) eden çykyşynda aýtdy.

Abduwahit Fidanyň sözlerine görä, bu ädim iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolar. Ol mart aýynda türkmen gazynyň Türkiýä iberilip başlanmagy, köp ýyllyk tagallalaryň we ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylandygynyň subutnamasydygyny belläp geçdi.

BOTAŞ-yň ýolbaşçysy Türkiýäniň ösen döwrebap energetika infrastrukturasynyň, ýagny magistral gaz geçirijileriniň, suwuklandyrylan tebigy gaz terminallarynyň we ýerasty gaz ammarlarynynyň bardygyny belläp, munuň özi energetika hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli amatly mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Abduwahit Fidanyň belleýşine görä, Türkiýe her ýylda ortaça 55–60 milliard kub metr tebigy gaz sarp edýär. Bu gazyň köp bölegi daşary ýurtlardan import edilýär. Şonuň üçin türkmen tebigy gazy bu ugurda uly mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Şeýle hem ol Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda gönüden-göni gaz geçirijiniň döredilmeginiň halkara bazarlara çykmak üçin giň mümkinçilik açjakdygyny nygtady.

BOTAŞ — Türkiýäniň döwlet nebit gaz kompaniýasy bolup, uglewodorodlary içerki we halkara bazarlaryna daşamak hem-de satmak işlerini amala aşyrýar.

2022