Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny Guramanyň 80 ýyllygy bilen gutlady

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny Guramanyň 80 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasyndaky duşuşyk, 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi. Gurama tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda nygtalýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi we pugtalandyrmagy dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Çeşme: TDH

2022