Türkmenistan we "Leonardo S.p.A." hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar

THP
Türkmenistan we "Leonardo S.p.A." hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen "Leonardo S.p.A." kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo bilen duşuşygy, 25-nji oktýabr, 2025 ý., Rim, Italiýa.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde "Leonardo S.p.A." kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikler ýurtlarymyzyň arasynda netijeli işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we artdyrmak üçin oňat binýat döreder.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berýärler. Türkmenistan bilen italýan kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar energetika, ulag, oba hojalygy ýaly strategiki ähmiýetli pudaklarda, şeýle hem ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýokary mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi.

Işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna netijeli duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny mundan beýläk-de jogapkärçilikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we "Leonardo S.p.A." kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwo Türkmenistan bilen belli italýan kompaniýasynyň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitlilik esasynda işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: THP

2022