Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Waşingtonda geçiriljek "C5+1" sammitine çagyrdy

TDH
Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Waşingtonda geçiriljek "C5+1" sammitine çagyrdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp (Surat: Ak tam)

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Hormatlamak bilen,

Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

Çeşme: TDH

*****

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşington şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler we oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

2022