Türkmenistan nemes kompaniýalaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyga çagyrýar

BT
Türkmenistan nemes kompaniýalaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri, 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry, Frankfurt, Germaniýa

Türkmenistan energetika pudagynda, şol sanda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we tejribe alyşmak boýunça nemes kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni Frankfurtda geçirilen “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumynda aýtdy.

Atagulyýewiň sözlerine görä, ýurduň energetika strategiýasynda möhüm orny halkara Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy tutýar. Häzirki wagtda bu taslamanyň çäklerinde “Galkynyş” gaz ýatagynyň özleşdirilmegi dowam edýär.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uly  mümkinçilikleri bolan meýdançalary özleşdirmek we nebit-himiýa senagatyny ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmenistan energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, täze kuwwatlyklary artdyrmaga hem-de elektrik geçiriji ulgamlaryny ösdürmäge, şol sanda Türkmenistan–Owganystan–Päkistan elektrik geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň günbatarynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy işe giriziler.

Atagulyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly maýa goýujylar üçin ähli amatly şertler döredilendir. Milli bazaryň özüne çekijiligi, syýasy durnuklylyk, baý çig mal gorlary, energiýa serişdeleriniň amatly bahalary hem-de maýa goýumlarynyň goraglylygyny üpjün edýän ygtybarly hukuk ulgamy bilen baglydyr.

Döwlet ähmiýetli halkara çäreiniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, hyzmatdaş guramaçy hökmünde bolsa TMT Consulting Group kompaniýasy çykyş edýärler. Kompaniýa forumyň guramaçylyk hem-de aragatnaşyk ugrunyň ýokary derejede üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni häzirki wagtda Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy boýunça gepleşikleri alyp barýar. Üçünji tapgyry boýunça bolsa ADNOC kompaniýasy bilen maslahatlar dowam edýär.

2022