“Türkmengaz” döwlet konserni “Siemens Energy Global GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen 108 million ABŞ dollary möçberinde kompressorlary we energetiki turbinalary abatlamak boýunça şertnama baglaşar. Bu barada konserniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow penşenbe güni Frankfurtda geçirilen “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri” forumynda mälim etdi diýip, “nCa” neşiri habar berýär.
Amanowyň bellemegine görä, Germaniýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýedir. Şol hyzmatdaşlygyň möhüm taslamalarynyň biri hökmünde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda “Siemens Energy” kompniýasy bilen baglaşylan Ähtnamany görkezildi. Bu resminama “Türkmengaz” döwlet konserniniň kompressor stansiýalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Şeýle hem Amanowyň aýtmagyna görä, himiýa senagaty boýunça iri nemes kompaniýasy bolan “BASF” bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. 2020–2025 ýyllar aralygynda konsern söwda hyzmatdaşynyň üsti bilen 2 müň tonnadan gowrak 22 million ýewrodan geçýän himiki reagentleri satyn aldy. Amanow bu hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmek maksady bilen “BASF SE” bilen uzak möhletleýin göni şertnama baglaşmagy teklip etdi.
Türkmenistanyň gaz pudagynda Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk turbalary we enjamlary satyn almak, himiki serişdeleri bilen üpjün etmek, ätiýaçlyk şaýlaryny almak hem-de kompressor stansiýalaryny gurmak ýaly ugurlary öz içine alýar diýip, konserniň başlygynyň orunbasary aýtdy.
Türkmenistanda häzirki wagtda kaustik we kalsinirlenen soda, hlor, duz kislotasy, natriý sulfaty, sement we beýleki önümleri öndürmek boýunça maýa goýum taslamalary hem işlenip düzülýär.
Bu halkara çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “TMT Consulting Group” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Forumyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen kompaniýa guramaçylyk we aragatnaşyk babatynda doly goldaw berdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


