Türkmenistanyň energetika pudagynyň wekilleri şu ýylyň noýabr aýynda energetika howpsuzlygy boýunça Günorta Afrikada geçiriljek G20 sammitiniň çäklerinäki çärelere gatnaşmaga çagyryldy. Bu mesele Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň Günorta Afrikanyň Belgikadaky ilçisi Tokozile Hasa we "Brussels Africa Hub" guramasynyň prezidenti Muktar Bahanyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň, şeýle hem beýleki Afrika ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça pikir alşyldy. Energetika, oba hojalygy we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu barada anna güni Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.
S.Palwanow Türkmenistanda tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlarynyň bardygyny we ýurtda arassa energiýa boýunça möhüm taslamalaryň işjeň öňe sürýändigini aýtdy. Şeýle-de, Günorta Afrikanyň tehnologiýalary döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak babatynda uly tejribesiniň bardygyny belledi. Taraplar degişli guramalar bilen gönüden-göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem oba hojalygy we logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, azyk howpsuzlygy hem-de port infrastrukturasyny netijeli dolandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
G20 — dünýäniň iň iri ykdysadyýet taýdan ösen 19 döwletini hem-de iki sebit birleşigini — Ýewropa Bileleşigini we Afrika Bileleşigini öz içine alýan hökümetara forumdyr. Agzalaryň hatarynda Argentiniýa, Awstraliýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, şeýle hem iki sebit birleşigi — ÝB we Afrika Bileleşigi bar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


